Niderlandly inžener Rene Wurburg ulanyjylara Rim imperiýasynyň ýol ulgamy arkaly ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýän OmnesViae (Omnesviae.org) ýörite web-saýtyny işläp düzdi.
Bu taslamanyň özeni imperiýanyň döwlet ulag ulgamyny (cursus publicus) görkezýän Gadymy Rim kartasynyň orta asyrlarda edilen göçürmesi – Peýtingeriň tablisasyna (Tabula Peutingeriana) esaslanýar. Kartanyň günbatar böleginiň wagt geçmegi bilen ýitirilen ýerlerini gaýtadan dikeltmek üçin taslamanyň awtory Antoniniň ýol görkezijisinden (gadymy rim ýol sanawyndan), taryhçy Riçard Talbertiň ylmy barlaglaryndan we Pleiades taslamasynyň geografik maglumatlar binýadyndan peýdalandy. OmnesViae taslamasynyň ilkinji programmalama kody hemme kişiniň ulanmagy üçin Codeberg platformasynda açyk görnüşde goýlandyr.
Işleýiş mehanizmi we ugurlaryň mysallary
Bu ulgam kompýuterlerde hem, ykjam telefonlarda hem edil Google Maps programmasy ýaly işleýär. Ulanyjy syýahata başlajak we barjak nokadyny belleýär, şondan soň ulgam taryhy aralyklara esaslanyp, iň çalt ýoly hasaplaýar we ony häzirki zaman kartasynyň ýüzünde görkezýär. Şeýle hem bu ulgam ýol ugrundaky wagtlaýyn duralgalary we stansiýalary hem görkezýär, bu bolsa şol döwrüň antik atlaryny häzirki zaman geografik atlary (toponimleri) bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär.
Mysal üçin, Madridden Milana çenli syýahat meýilleşdireniňizde, ulgam olaryň adyny awtomat usulda antik döwürdäki ýaly Miaccum we Mediolanvm diýip üýtgeder. Siziň ýoluňyz Conplutum (häzirki Alkala-de-Enares şäheri) arkaly geçer, ahyrky nokatlar bolsa Avgvsta Tavrinorvm (Turin) we Placentia (Pýaçensa) bolar. Şeýle uguryň uzynlygy jemi 1 500 rim miline barabar bolar. Bu ýoly pyýada ýa-da atly geçmek üçin 43 gün wagt gerek bolar. Deňeşdirmek üçin aýtsak: şu günki gün şol bir ýoly pyýada ýöreseň, takmynan 14 gün (340 sagat), awtoulagly gitseň bolsa, bary-ýogy 16 sagat wagt alýar.

Kartanyň iň gyzykly aýratynlyklarynyň biri hem, onuň nusgawy rim welaýatlarynyň çäklerinden has daşaryny hem öz içine almagydyr. Bu bolsa gadymy kartograflaryň dünýägaraýşyny we dünýä geografiýasyna nähili düşünendiklerini görkezýär. Şeýlelikde, bu saýtda ýol ulgamynyň iň aňyrky gündogar nokady hökmünde gadymy Antiohiýa Margiana görkezilýär. Ol Beýik Ýüpek ýolundaky uly oazis bolup, onuň harabalary (häzirki wagtda Merw hökmünde tanalýar) şu günki gün Türkmenistanda, Mary we Baýramaly şäherleriniň golaýynda ýerleşýär. Siriýadaky meşhur Antiohiýa şäheri bilen atdaş bolan bu Merkezi Aziýa şäheriniň karta goşulmagy, Gadymy Rim dünýäsiniň Söwda we diplomatik bähbitleriniň gündogara tarap näderejede çuňňur aralaşandygyny aýdyň subut edýär.
OmnesViae taslamasy antik döwrüň aragatnaşyk we ulag ýollaryny sanly ulgama geçirmek boýunça dünýäde bar bolan umumy maksadyň bir bölegidir. Häzirki wagtda munuň bilen bir hatarda, ýylyň dürli pasyllarynda syýahat etmegiň çykdajylaryny hasaplaýan we häzirki zaman kartografiýa usullary arkaly gadymy ýollary täzeden dikeldýän başga-da birnäçe taslamalar ösdürilýär. Rene Wurburg 2011-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli işlän bu saýtyň mümkinçiliklerini doly täzeledi hem-de dürli şekillendirmeleri taýýarlamak we saýtyň interfeýsini başga dillere terjime etmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulgama girizdi.