DUNE taslamasy: Neýtrino akymy ilkinji gezek ýeriň içinden 1300 km aralyga ugradylar

Düýn, 17:381,174
1 / 3

DUNE (Deep Underground Neutrino Experiment) halkara taslamasynyň gatnaşyjylary bolan alymlar, ilkinji gezek emeli neýtrino akymyny ýer gabygynyň içinden 1300 kilometr aralyga ugratmaga taýynlanýarlar. Bu synag neýtrinolaryň häsiýetlerini we älemde materiýanyň antimateriýadan näme sebäpden agdyklyk edýändigini öwrenmäge ýardam etmek üçin niýetlenendir.

Neýtrino şöhlesi Amerikanyň Illinoýs ştatyndaky Fermilab tizlendiriji toplumynda emele getiriler we Günorta Dakotadaky öňki altyn käniniň tas bir ýarym kilometr çuňlugynda ýerleşýän detektorlara tarap ugradylar.

Detektorlar Günden gelýän, Ýeriň atmosferasynda döreýän neýtrinolary, şeýle hem emeli şöhledan gelýän bölejikleri hasaba alarlar. Munuň üçin Wright Lab barlaghanasynda suwuk argonly 7 kilotonlyk detektoryň bir bölegi boljak ýörite «Charge Readout Planes» atly maglumat okaýjy ulgamlar gurnalýar. Ähli bölekler ugradylmazyndan ozal, gurnamanyň işçi temperaturasyny döredýän suwuk azotda tutuş synagdan geçirilýär.

– DUNE-iň ýerasty desgalaryny görenimde, olaryň gerimi meni haýran galdyrdy. Bu hakykatdan hem täsirli – diýip, fizika professory we Wright Lab laboratoriýasynyň direktory Karsten Higer gürrüň berdi.

Taslama Fermilab, CERN, Brukheýwen milli barlaghanasy, Ýel we Indiana uniwersitetiniň alymlarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

DUNE taslamasyna «inženerçilik şedewri» hem diýilýär. Tomusda inženerler Ýewropanyň CERN guramasy tarapyndan üpjün edilen on millionlarça funt polat gurnamalary şahta düşürip başladylar. Muňa Ýewropanyň öz gury ýerinden daşardaky infrastruktura maliýe serişdesini gönükdirýän ilkinji ýagdaýy diýip aýdyp bolar.

Ýaş gözlegçiler üçin bu taslamanyň üstünde işlemek möhüm tejribe boldy.

— Tiz wagtda detektoryň ýerleşdiriljek ägirt uly gowagynda durmak aspirantura döwrümdäki iň täsirli waka boldy. Tas bir ýarym kilometr çuňluga düşmek abstrakt formulalary hakyky zada öwürdi — diýip, aspirant Rohit Raut öz duýgularyny paýlaşdy.

Atmosfera neýtrinolaryndan ilkinji maglumatlaryň 2029-njy ýylda alynmagyna, emeli şöhle bilen geçiriljek synaglaryň bolsa 2031-nji ýylda başlanmagyna garaşylýar. Gözlegçiler bu netijeleriň materiýanyň düýpli häsiýetlerini we älemiň gurluşyna has gowy düşünmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.