Geçen hepde biržada geleşikleriň bahasy 10 mln 81 müň ABŞ dollaryna barabar boldy

Şu gün, 10:16756

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt puluna nebitgaz, oba hojalyk we dokma önümleri ýerlenildi diýip, TDH habar berýär.

Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldy. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Latwiýanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, pagta ýagy, pagta süýümi, nah ýüplük hem-de mata, çig ýüpek, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulyklary ýerlenildi. Halkara söwdalaryň çäklerinde gazanylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri hem içerki sarp edijiler üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, şeýle-de tikin we dokma önümleriniň galyndylaryny, pagta ýagyny, nah ýüplügi hem-de çig ýüpegi satyn alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy 72 million 634 müň manatdan gowrak boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.