Motorola kompaniýasy daşary ýurt syýahatlary wagtynda ýerli operatory gözläp oturmazdan ýa-da baran her bir ýurduňda täze eSIM oturtmazdan, mobil internete aňsat birikmäge mümkinçilik berýän Global Connect hyzmatyny işe girizdi.
Bu hyzmat eýýäm Latyn Amerikasynyň birnäçe ýurdunda işleýär we geljekde Ýewropanyň bazarlarynda hem elýeterli bolar.
Global Connect hyzmatynyň iň esasy aýratynlygy — onlarça döwlet üçin ýekeje eSIM-iň ulanylmagydyr. Serhetden geçilenden soň, ulanyja internet birikmesini täzeden sazlamak ýa-da aýratyn sanly SIM-karty satyn almak gerek bolmaýar, sebäbi smartfon awtomatik usulda ýerli operatorlaryň elýeterli torlaryna birigýär.
Bu hyzmat bütin dünýäde ýüzlerçe operator bilen hyzmatdaşlyk edýän Gigs kompaniýasy bilen bilelikde döredildi.
Kompaniýa ulanyjylary özüne çekmek üçin dünýäniň 160-dan gowrak ýurdunda we sebitinde ulanyp boljak 1 GB mobil interneti mugt hödürleýär. Motorola-nyň maglumatlaryna görä, bu göwrüm bir sagatlap wideo tomaşa etmäge ýa-da 10 sagatdan gowrak internet sahypalarynda oturmaga ýeterlikdir.
Mugt bukja ulanylyp gutarylandan soň, ulanyjylar 30 gün möhlet bilen 1 GB göwrümi 3 dollara, 3 GB-ni 5 dollara, 5 GB-ni 6 dollara, 10 GB-ni 10 dollara we 20 GB interneti 14 dollara satyn alyp biler.
Häzirki wagtda Global Connect diňe mobil internet hyzmatyny goldaýar. Sesli jaňlar we SMS ibermek hyzmaty elýeterli däl. Kompaniýa munuň sebäbini häzirki günde syýahatçylaryň köpüsiniň aragatnaşyk üçin, esasan, messenjerleri ulanýandygy bilen düşündirýär.
Täze programma eýýäm Braziliýanyň, Meksikanyň, Argentinanyň, Peruwyň we Çiliniň ulanyjylary üçin elýeterli boldy. Kompaniýa 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hyzmatyň gerimini has-da giňeldip, ony Germaniýa we Beýik Britaniýa ýaly birnäçe Ýewropa ýurtlarynda hem işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu hyzmat Motorola kompaniýasynyň eSIM ulgamyny goldaýan ähli smartfonlarynda, şol sanda käbir arzan modellerinde hem elýeterlidir.