Meşhur modelýer Jorjo Armaniniň maşgalasy we Armani Group kompaniýasy «Armani: Moda şasy» (Armani: Il Re della Moda) atly terjimehal filme dahyllarynyň ýokdugyny we onuň önümçiligine hiç hili resmi rugsat ýa-da goldaw bermeýändiklerini resmi taýdan yglan etdiler.
Kino pudagy üçin bu geň ýagdaý däl, mundan öň «Gucci öýi» (House of Gucci) filmi hem meşhuryň neberesiniň razylygy alynmazdan surata düşürilipdi.
Şunlukda Armani Group-yň närazylygyna garamazdan, filmiň üstündäki işler dowam edýär. Taslamanyň toparyna aşakdakylar girdi:
- Režissýor: «Altyn palma şahasynyň» iki öwra eýesi Bille Awgust («Pelle-basyp alyjy», «Graf Monte-Kristo»).
- Prodýuser: «Ferrari» filminiň üstünde işlän Andrea Iwolino.
- Ssenariýaçy: «Oskar» baýragynyň eýesi Bobbi Moresko.
Filmiň sýužeti Jorjo Armaniniň XX we XXI asyrlaryň iň täsirli modelýerleriniň biri derejesine çenli ýeten ýoluny suratlandyrýar. Dizaýneriň şahsy durmuşyna deglip-degilmejekdigi häzirlikçe nämälim, sebäbi ol diri wagtynda-da jemgyýetiň gözünden öz durmuşyny mazaly gizläp bilen adamdy.
Jorjo Armani 2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda, 91 ýaşynda aradan çykdy. Ol bu moda öýüni 1975-nji ýylda hyzmatdaşy Serjo Galeotti bilen bilelikde esaslandyrypdy. Armani nusgawy erkek kostýumyny has ýeňil, ýumşak we resmi bolmadyk görnüşe getirip, salyhatlylyk baradaky düşünjäni bütinleý üýtgetdi. Wagtyň geçmegi bilen onuň brendi egin-eşik tapgyrlaryny, «Armani Privé» ýokary modasyny, kosmetikany, interýer çözgütlerini we myhmanhana torlaryny öz içine alýan ägirt imperiýa öwrüldi. Häzirki wagtda hem moda öýi görnükli modelýeriň kesgitläp giden maksadyna berk eýerip, öz işini dowam etdirýär.