Hytaýyň Milli kosmos edarasy «Týanwen-2» zondy tarapyndan, takmynan, 20 km uzaklykdan surata düşürilen 2016 HO3 asteroidiniň ilkinji suratyny köpçülige ýetirdi. Enjam kosmos jisimi bilen ýakynlaşandan soň, ylmy maksatnamany ýerine ýetirmäge girişdi.
Hytaý asteroidleri öwrenmek maksady bilen «Týanwen-2» missiýasyny 2025-nji ýylyň maý aýynda kosmosa iberipdi. 400 gün diýen ýaly uçuşyň dowamynda enjam 1 milliard kilometre golaý aralygy geçip, 2016 HO3 asteroidiniň golaýyna bardy.
Ýakynlaşma pursatynda zond obýektiň ilkinji suratyny aldy we optiki nawigasiýa maglumatlaryny ulanyp, onuň ýerleşýän ýerini takyklady. Häzirki wagtda kosmos enjamy asteroidiň golaýynda öz işini dowam etdirýär.
Missiýanyň indiki tapgyry asteroidiň üstüni, içerki gurluşyny we düzümini jikme-jik öwrenmekden ybarat bolar. Alnan maglumatlar geljekde Ýere getirilmegi meýilleşdirilýän toprak nusgalaryny ýygnamak işlerine taýýarlyk görmäge kömek eder.
Maksatnamanyň bu bölegi tamamlanandan soň, «Týanwen-2» Mars we Ýupiter planetalarynyň arasyndaky esasy asteroid guşaglygynda ýerleşýän 311P kometasyna tarap ugrar we ol ýerde orbital barlaglary geçirer.