Dünýä çempionatynyň tutuş taryhynda oýunlara gatnaşanlaryň sany 50 mln adamdan geçdi

Şu gün, 06:411,235
1 / 3

1930-njy ýylda geçirilen ilkinji ýaryşdan bäri futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň oýunlaryna tomaşa etmäge gelenleriň umumy sany 50 million adamdan geçdi. Bu barada FIFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär.

Ýubileý, ýagny ýaryşyň taryhyndaky 50 millionunjy janköýer ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky Fort-Uert şäheriniň ýaşaýjysy Immi Han boldy. Bu taryhy görkezijä häzirki dowam edýän ýaryşyň 1/8 finalynda Ispaniýanyň we Portugaliýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen oýunda ýetildi.

Şanly waka mynasybetli FIFA tarapyndan stadionda ýörite dabaraly çäre guraldy. Rekordçyny gutlamak üçin dünýä futbolynyň meşhur ýyldyzlary, şol sanda portugaliýaly Pepe, ispaniýaly Karles Puýol we ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Weston Makkenni geldi.

Bu taryhy sepgide ýetilmeginde häzirki wagtda ilkinji gezek birbada üç ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän dünýä çempionatynyň goşandy uly boldy. Bu ýaryş janköýerleriň gatnaşmagy boýunça absolýut rekordlary goýýar: diňe toparlaýyn tapgyryň oýunlaryna 4 million 644 müň 549 adam tomaşa etdi. Bu görkeziji 1994-nji ýylda ABŞ-da geçirilen dünýä çempionatynda hasaba alnan 3,5 million janköýer rekordyndan öňe geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.