Oklahomanyň uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary deňiz ýyldyzlarynyň gadymy garyndaşy we Ýerdäki karal rifleriniň ilkinji ýaşaýjylarynyň biri bolan Dendrocrinus simcoensis deňiz liliýasynyň daşlaşan ýumşak dokumalaryny tapdylar. Phys.org portalynyň habar bermegine görä, bu özboluşly nusga Kwebegiň golaýyndaky karýerlerde, "Neuville Lagerstätte" ady bilen tanalýan ýokarky ordowik döwrüniň geologik gatlagyndan tapylypdyr.
Adatça, gadymy galyndylarda diňe gaty elementler — süňkler, gabyklar ýa-da skelet plastinalary saklanyp galýar. Ýumşak dokumalar (deri, gözler, içki organlar) ilki çüýreýärler we olary saklap galmak üçin wakuum ýa-da sowadyjy şertlerine meňzeş tebigy ýagdaýlar talap edilýär.
Turbaly aýaklaryň syry
Tapylan Dendrocrinus simcoensis-iň turbaly aýaklary ylymlarda deňiz liliýalarynyň ýumşak dokumalarynyň saklanyp galmagynyň ikinji gezek duş gelýän ýagdaýy we taryhdaky iň gadymy mysalydyr. Paleontolog Lena Koul adaty galyndylaryň millionlarçadygyna garamazdan, şeýle saklanyp galmagyň "millionda bir" duş gelýän ýagdaýdygyny belledi.
Doktor Dewid Raýt tapyndynyň 452 million ýyl öňküdigini, munuň iň gadymy dinozawrlardan hem 200 million ýyl uludygyny nygtady. Turbaly aýaklar iýmitlenmäge we akymlaryň täsirine jogapkär bolandyklary üçin, olary öwrenmek gadymy organizmleriň ekologiýasy barada jikme-jik maglumatlary açýar. Alymlar olary süýdemdirijileriň dişleri bilen deňeşdirip boljakdygyny, aýaklaryň gurluşyndaky tapawutlaryň bu görnüşiň nähili gurşawda ýaşandygyny we nähili iýmitlenendigini düşündirýändigini belleýärler.
Muzeý diwarlaryndaky açyş
Bu ylmy üstünlikde muzeý gaznalary möhüm rol oýnady. Dendrocrinus simcoensis-iň nusgasy ençeme ýyllap Monreal paleontologiýa we ewolýusiýa muzeýinde saklanypdyr. Onuň hakyky gymmaty diňe alymlar ylmy saparyň dowamynda eksponaty üns bilen öwrenenlerinde belli bolupdyr. Lena Koulyň sözlerine görä, täze tehnologiýalar we paleontologlaryň täzeçe garaýşy köplenç meýdan işlerine çykmazdan, eýýäm bar bolan kolleksiýalaryň içinde uly açyşlary etmäge mümkinçilik berýär.