Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň ähli halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentinanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Argentina Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni her ýylyň 9-njy iýulynda bellenilip geçilýär. Bu baýram 1816-njy ýylyň 9-nji iýulynda Tukumanda geçirilen Kongresde şol wagtky Birleşen Rio-de-la-Plata prowinsiýalarynyň ispan imperiýasyndan doly garaşsyzlygyny yglan edýän Jarnamanyň kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr.