Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy

Şu gün, 11:51828
1 / 2

4–8-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Ýyllyk çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti parlamentara dialogy we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge bagyşlanan «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament dialogy – ÝHHG sebitinde we onuň çäklerinden daşarda ynamy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň mehanizmi» atly ugurdaş maslahata hem gatnaşdy. Çäräniň dowamynda wekiliýet parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň konstruktiw halkara dialogyny, özara düşünişmegi hem-de umumy gyzyklanma döredýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli guralydygyny nygtap, Türkmenistanyň bu ugurdaky garaýyşlaryny beýan etdi.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Pere Žoan Pons Sampietro bilen duşuşygy guraldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdy.

Gatnaşyjylar Aşgabatda yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlarynyň dialogy ösdürmekde, sebitde we halkara derejesinde ynanşmagy pugtalandyrmakda hem-de parlament tejribesini alyşmakda uly ähmiýete eýedigini aýratyn belledi.

Şeýle-de, duşuşykda Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň barha ýokarlanýan depgini göz öňünde tutulyp, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn sebit çemeleşmesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.