Duşenbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

Şu gün, 12:53987
1 / 2

2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, täjik tarapyna bolsa Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy R.Farhodşoh ýolbaşçylyk etdi.

Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, işewür toparlarynyň we telekeçiler birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede ykdysady mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmak üçin göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Taraplar iki döwletiň Baştutanlarynyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde türkmen-täjik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini nygtady.

Mejlisiň dowamynda özara söwdanyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa pudagy we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmen wekiliýeti senagat, himiýa kärhanalarynyň, ulag kompaniýalarynyň we hususy pudak wekilleriniň täjik hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

R.Farhodşoh hem öz gezeginde täjik tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Işewürler geňeşiniň çäklerinde iki ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri, erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri we ulag düzümini ösdürmegiň ugurlary barada tanyşdyryş çykyşlary guraldy. Çäräniň amaly bölegi bolsa telekeçileriň arasyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar bilen dowam etdi we onda anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň ikinji güni, 8-nji iýulda, türkmen wekiliýetiniň agzalary Duşenbe şäheriniň iri senagat kärhanalaryna baryp, olaryň önümçilik kuwwaty we tehnologik mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.