Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hususy telekeçilere möhüm ýatlatma bilen ýüzlenýär.
«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, ähli hususy telekeçiler pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde hasaba durmalydyr. Muny telekeçiniň ýerleşýän ýerindäki pensiýa gaznasynyň edarasynda amala aşyrmaly.
Mundan başga-da, edara degişli Kanunyň 23-nji maddasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň birinji ýarymy üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçilerden öz borçlaryny wagtynda berjaý etmegi we pensiýa gatançlaryny bellenilen möhletde — şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemegi haýyş edilýär.