9-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdy diýip, daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň durnukly häsiýeti kanagatlanma bilen bellenilip, dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde we döwletara konstruktiw gepleşikleri pugtalandyrmakda ýokary derejeli saparlaryň uly ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.
Şeýle-de, taraplar özara düşünişmegi berkitmegiň netijeli guraly hökmünde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine ünsi çekdi.
Duşuşygyň ýene bir esasy ugurlarynyň biri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boldy. Ministr we senator energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem söwda, maýa goýumlar, ulag we logistika ugurlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň amaly mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu ugurda iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde «Türkmenistan – ABŞ» Işewürler geňeşiniň möhüm orny nygtaldy.
Gepleşikleriň ahyrynda sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça hem pikir alşyldy we taraplar ikitaraplaýyn konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge doly taýýardyklaryny tassyklady.