Harri Staýlz «Wembli» stadionyndaky yzygiderli konsertleri bilen Coldplay-iň rekordyny täzeledi

Şu gün, 21:291,029

Britaniýaly sazanda Harri Staýlz resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. «Bi-bi-siniň» habar bermegine görä, artist Londonyň meşhur «Wembli» stadionynda yzly-yzyna 12 sany anşlagly (petekleri doly satylan) konsert berip, bu meýdançada iň uzak dowam eden yzygiderli çykyşlar boýunça dünýä rekordyny goýdy.

Staýlz bu görkeziji bilen 2025-nji ýylda şol meýdançada 10 sany şüweleň guran Coldplay toparynyň öňki rekordyny täzelemegi başardy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili bu üstünligiň ýerine ýetirijiniň janly çykyşlarynyň «göwrümini, maksada okgunlylygyny we medeni täsirini» aýdyň görkezýändigini nygtady.

Aýdymçynyň «Together, Together» diýlip atlandyrylan uly göwrümli konsert syýahatynyň London tapgyry 12-nji iýundan 4-nji iýula çenli dowam etdi. Tapgyryň iň soňky şüweleňine 80 müňe golaý tomaşaçy ýygnandy.

Gyzykly ýeri, ilkibaşda aýdymçynyň topary «Wembli» stadionynda diňe alty çykyşy meýilleşdiripdi, ýöne peteklere bolan ägirt uly isleg sebäpli konsertleriň sanyny iki esse artdyrmaly boldy.

Häzirki gastrol tertibiniň çäginde Staýlz Britaniýadaky çykyşlaryny diňe paýtagt London bilen çäklendirmek barada netijä geldi. Ýakyn wagtda sazanda konsertler bilen Meksika, Braziliýa we ABŞ-a ugrar, konsert syýahatynyň iň soňky nokady bolsa dekabr aýynda Awstraliýada goýlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.