Türkmen gallaçy daýhanlary 1,4 mln tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnady

Düýn, 23:50892

Türkmen gallaçylary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň edermen gallaçylara we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagynda ýurtda bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilmeginde öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň, hususy önüm öndürijileriniň we ähli zähmetkeşleriň mynasyp goşandynyň bardygy aýratyn nygtalýar.

Milli ykdysadyýetiň möhüm sütünleriniň biri bolan oba hojalyk pudagy azyk bolçulygyny doly üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurduň eksport mümkinçiliklerini hem artdyrýar. Ýerine ýetirilýän işleriň ylmy esasa daýanmagy netijesinde täze üstünlikler gazanylýar. Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty tarapyndan bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» atly täze görnüşleriniň döredilmegi bugdaýyň hasyllylygyny has-da artdyrdy.

Ýetişdirilen hasyly ýygnamak, saklamak we gaýtadan işlemek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Döwrebap elewatorlar, galla kabul ediş kärhanalary we häzirkizaman degirmen toplumlary ýetişdirilen galla hasylynyň öz wagtynda hem-de ýokary hilli işlenilmegini kepillendirýär. Munuň özi ýurtda öndürilýän unuň hiliniň ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelmegini şertlendirýär.

Galla oragy möwsüminde agrotehniki çäreleriň dogry we ýokary hilli alnyp barylmagyna, tohum saýlamakdan başlap hasyly ýygnamaga çenli aýratyn üns berildi. «John Deere» we «СLAAS» ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň galla orujy kombaýnlarynyň netijeli ulanylmagy bolsa bol hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almaga uly ýardam etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.