Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senator Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Myhman döredilen mümkinçilik we görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, dünýäde ykrar edilen tejribeli syýasatçy we parasatly Lider bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Senator saparyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ABŞ-nyň döwlet Baştutanyna özüniň iň gowy arzuwlaryny ýollady hem-de şu saparyň ikitaraplaýyn dialogy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de, ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň şanly 250 ýyllygy mynasybetli senator Stiw Deýnsi we ýurduň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlady.
Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň oňyn Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde senator Stiw Deýns taraplaryň BMG-niň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyny we iki ýurtda-da golf sportuna bolan uly gyzyklanmany aýratyn belledi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň möhüm orny barada aýdyldy we köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda «Boeing», «General Electric», «John Deere», «Case New Holland» ýaly iri amerikan kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barýandygy nygtaldy.
Taraplar ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitledi. Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ösüşine uly goşant goşjak Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişine ABŞ tarapyndan berilýän ünse hem-de goldawa ýokary baha berdi.
Duşuşygyň ahyrynda ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda hem gatnaşyklary giňeltmäge taýýarlyk tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we amerikan senatory birek-birege berk jan saglyk, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.