Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekili Stiw Deýnsi kabul etdi

Şu gün, 09:521,571

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senator Stiw Deýnsi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Myhman mähirli kabul edilendigi we görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň döwlet Baştutanyna iberen gyzgyn salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutany hem Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan edip, senatoryň bu saparynyň türkmen-amerikan dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de, Prezident ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň şanly 250 ýyllygy mynasybetli myhmany we amerikan halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Döwlet Baştutany ýokary derejedäki işjeň syýasy gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekip, özüniň geçen ýylyň noýabrynda Waşingtona amala aşyran iş saparyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda Florida ştatyna bolan saparyny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi.

Mundan başga-da, taraplar ýurtlaryň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlyk, şeýle-de BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklar barada söhbet etdi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar babatynda aýdylanda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýangyç-energetika, ulag, maliýe-bank, öňdebaryjy tehnologiýalar we emeli aň ýaly wajyp ulgamlarda ABŞ bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Ýakynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň maslahatynyň täze taslamalar üçin uly mümkinçilik açandygy bellenildi.

Serdar Berdimuhamedow sebitde uly ähmiýeti bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ABŞ tarapyndan berilýän goldawa ýokary baha berdi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda bolsa köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, aýratyn-da, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak üçin ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäklerindäki çäreler hem-de bilim maksatnamalary arkaly türkmen ýaşlarynyň ABŞ-nyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy barada durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň uzak möhletli dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklap, senator Stiw Deýnse alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri, ABŞ-nyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.