Watan harmanyna hasylyň üstünlikli tabşyrylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Şu gün, 13:002,082

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurduň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý tabşyryldy. Bu hem ýurduň oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeleriň netijesi boldy. Döwlet tarapyndan pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, ekerançylyk meýdanlarynda dünýäniň iň täze we kuwwatly tehnikalary netijeli ulanylýar.

Şeýle hem, döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, bugdaýyň satyn alnyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlary has ýokary hasyl almaga höweslendirýär. Takyk ekerançylygyň we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Dabara hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu ýerde ýaş nesliň wekilleri özleriniň goşgy setirleri bilen çykyş etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirip, ýurduň oba zähmetkeşleriniň adyndan ajaýyp haly sowgadyny gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşan çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi. Olara döwlet Baştutanynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Watan harmanyna bol hasyl gowşuran edermen gallaçylary we ähli oba hojalyk işgärlerini gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.