Mitsubishi geljek ýyldan başlap her aýda 1000 sany adam şekilli robot öndürip başlar

Düýn, 21:46814

Mitsubishi Motors kompaniýasy Highlanders startapynyň gatnaşmagynda geljek ýyldan başlap Ýaponiýada adama şekilli robotlaryň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär.

Robotlaryň önümçiligi awtoöndürijiniň Kiotodaky kärhanasynda guralar we önümçilik göwrümi aýda 1000 robota çenli ýeter. Mitsubishi Motors bu robotlary ilki bilen öz zawodlarynda bölek şaýlary daşamak we awtomobil hereketlendirijilerini ýygnamak, şeýle-de logistika hem-de kebşirleme işlerinde ulanmagy göz öňünde tutýar. Eger robotlar içerki synaglardan üstünlikli geçse, kompaniýa olary beýleki kompaniýalara, şol sanda bäsdeş awtoöndürijilere satmagy hem meýilleşdirýär.

Korporasiýanyň ýolbaşçysy Takao Katonyň bellemegine görä, awtoýygnama önümçiliginde gumanoid robotlary ornaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar we awtokomponentleri üpjün edijiler bu täze ekoulgama aňsatlyk bilen girişip biler.

Mitsubishi Motors şu ýylyň maý aýynda Tokio uniwersitetiniň uçurymlary tarapyndan esaslandyrylan Ýaponiýanyň Highlanders startapynyň kapitalyna maýa goýdy we geljekde hem maýa goýumlaryny dowam etdirer. Kompaniýa robotlar bazaryna gijiräk goşulsa-da, ýokary önümçilik hili bilen munuň öwezini dolmagy maksat edinýär.

Geçen ýylyň netijelerine görä, dünýä bazaryna çykarylan gumanoid robotlaryň 85%-i hytaý kompaniýalarynyň paýyna düşdi. Ýurt 2035-nji ýyla çenli bu pudakda dünýä lideri bolmagy maksat edinýär.

Ýaponiýanyň häkimiýetleri ylmy-gözleg işlerini döwlet derejesinde goldap, 2040-njy ýyla çenli emeli aň funksiýaly, takmynan, 10 million roboty ulanylyşa girizmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.