Apple kompaniýasy öz tehnikalary üçin ýöriteleşdirilen mikroshemalary we simsiz aragatnaşyk komponentlerini işläp taýýarlamak hem-de öndürmek boýunça Broadcom kompaniýasy bilen bahasy 30 milliard dollardan geçýän köpýyllyk ylalaşyk baglaşdy.
Şertnamanyň çäginde ABŞ-da 15 milliarddan gowrak çip öndüriler we taraplaryň hyzmatdaşlygy 2031-nji ýyla çenli dowam eder.
Bu ylalaşyk Apple kompaniýasynyň ABŞ-nyň içinde önümçiligi giňeltmek maksady bilen 2025-nji ýylda başlan Apple Manufacturing Program maksatnamasynyň çägindäki iň iri taslama boldy. Şertnamany ýerine ýetirmek üçin Broadcom Kolorado ştatynyň Fort-Kollins şäherindäki öz kärhanasyny döwrebaplaşdyrmaga 1,5 milliard dollar maýa goýar. Bu ýerde radio-ýygylyk komponentleri, şol sanda FBAR-filtrleri we simsiz aragatnaşyk çözgütleri öndüriler.
Reuters habar gullugynyň maglumatlaryna görä, Broadcom kompaniýasynyň ýyllyk girdejisiniň, takmynan, 20%-i Apple-iň paýyna düşýär, bu bolsa iPhone öndürijisini şol kompaniýanyň iň iri müşderisine öwürýär. Apple öz modemlerini özbaşdak taýýarlap başlandan soň hem — ilkinji şeýle C1 çibi iPhone 16E modelinde ulanyldy — ykjam enjamlaryň işi üçin zerur bolan simsiz aragatnaşyk we radio-ýygylyk modullaryny Broadcom-dan satyn almagyny dowam etdirdi.
Täze şertnama Apple kompaniýasynyň geljek dört ýylyň dowamynda ABŞ-nyň ykdysadyýetine 600 milliard dollar maýa goýmak barada yglan eden maksatnamasynyň bir bölegidir. American Manufacturing Program maksatnamasyna Broadcom-dan başga-da, Apple önümleri üçin komponentleri öndürýän Corning, GlobalFoundries we Texas Instruments kompaniýalary gatnaşýar.