LG Display kompaniýasy monitorlaryň täzelenme ýygylygynyň oýunçylaryň netijeliligine ýetirýän täsirini öwrenmek maksady bilen geçiren içerki barlaglarynyň netijelerini neşir etdi. Synaga 31 sany uly ýaşly geýmer gatnaşdy we olar 60, 240, 360 we 480 Gs täzelenme ýygylygy bolan monitorlarda birinji ýüzden şuter oýnuny oýnady.
Tejribä gatnaşyjylar gizlin synagyň çäginde (oýunçylara haýsy sazlamalaryň ulanylandygy aýdylmady) tötänleýin usulda sazlamalaryň dört görnüşini barlap gördi. LG kompaniýasy nyşana degmeleriň sanyny we nyşanyň peýda bolup, ýitýän wagtynyň aralygyny ölçedi. Şeýle-de, oýunçylar hereketleriň bökdençsizligine, ekranda nyşany yzarlamagyň aňsatlygyna baha berdi we umumy täsirleri bilen paýlaşdy.
LG Display-iň maglumatlaryna görä, 480 Gs täzelenme ýygylygy bolan monitorda oýnalanda nyşana düşmek görkezijisi 60 Gs ýygylygy bolan monitora garanyňda 38% ýokary boldy. Kompaniýa 240 Gs-den 480 Gs ýygylyga geçilende oýunçylaryň netijeliliginiň goşmaça 10% ýokarlanandygyny habar berdi. Mundan başga-da, ekranyň pes ýygylygyndan ýokary ýygylygyna geçilende ulanyjylaryň ýeňiş sanynyň artandygy bellenilýär, ýöne barlag döwründe oýundaky ýenişleriň sany däl-de, üstünlikli atylan oklaryň göterimi ölçenildi.
480 Gs täzelenme ýygylygyny ulanmak, 60 Gs bilen deňeşdirilende buýrugyň ýerine ýetirilişiniň gijikmesini 10 ms-den gowrak azaltdy. Synaga gatnaşyjylaryň ählisi has çalt jogap beriş tizligini saýlap aldy we nyşanlary yzarlamagyň has aňsat bolandygyny belledi. LG bu netijeleri has ýokary täzelenme ýygylyklarynda buýruk gijikmesiniň peselmegi we hereket wagtynda suratyň bulanyklygynyň azalmagy bilen düşündirýär.
Kompaniýa synaga gatnaşyjylaryň haýsy oýny oýnandyklaryny, monitoryň haýsy modeliniň ulanylandygyny, ekranyň durulygyny, haýsy wideokartyň goýlandygyny, şeýle hem synagyň dowamlylygyny we beýleki umumy statistiki görkezijileri mälim etmedi.