Ýarym asyr iň ýokarda: Madonna görlüp-eşidilmedik täze rekord goýdy

Düýn, 10:464,374
1 / 3

Amerikan pop-ýyldyzy Madonna Beýik Britaniýanyň aýdym-saz pudagynda gaýtalanmajak täze rekordyň eýesi boldy. Ol aýdym-saz albomlary bäş sany dürli onýyllyklaryň dowamynda britan çartlarynyň iň ýokary basgançagyny eýelän ilkinji zenan aýdymçy boldy.

Bu maglumatlary Birleşen Patyşalygyň resmi hit-paradlaryny düzýän «Official Charts Company» guramasy habar berýär.

Taryhy rekord 2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda, aýdymçynyň «Confessions II» atly 15-nji studiýa albomynyň hit-paradyň iň ýokarky ornuna çykmagy bilen hasaba alyndy. Şeýlelikde, ýyldyzyň täze albomy 2020-nji ýyllaryň hasabyna hem ýeňiş ýazdyrdy.

Şu wagta çenli pop-ýyldyzyň ýene 12 sany albomy Beýik Britaniýada birinjiligi eýeläpdi:

1980-nji ýyllarda: 3 sany albom;

1990-njy ýyllarda: 3 sany albom;

2000-nji ýyllarda: 5 sany albom;

2010-njy ýyllarda: 1 sany albom.

Bu görkezijiniň netijesinde Madonna uzak wagtlap sahnada uly üstünlik gazanan iň saýlama aýdymçylaryň hataryna goşuldy. Mundan öň dört onýyllygyň dowamynda hit-paradlarda birinji orny saklamagy Elwis Presli, Elton Jon, Kaýli Minoug we «Queen» rok-topary başarypdy. Bäş onýyllygyň dowamynda bolsa muny diňe Kliff Riçard amala aşyrypdy. Indi bolsa olaryň arasynda Madonna hem bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.