Geçen hepde döwlet birža söwdalarynda 16 geleşik hasaba alyndy

Düýn, 14:39602

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 16 sany geleşik hasaba alyndy.

Söwdalaryň çäginde daşary ýurt puluna Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldy. Şeýle-de, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Özbegistanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, pagta ýagy, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, jins we nah matalar ýerlenildi. Söwdalarda jins çadyrlar, arassalanan dokma önümleriniň galyndylary, suw gyzdyryjy enjamlar we santehnika önümleri hem öz alyjylaryny tapdy.

Daşary ýurt puluna amala aşyrylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri bolsa içerki bazar üçin jemi bahasy 128 million 216 müň manada deň bolan önümleri satyn aldy. Bu söwdalarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň öndüren polipropileni, şeýle-de bugdaý uny, nah ýüplük, çig ýüpek we pagta süýümi satyn alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.