Awstraliýada adamzadyň Ýer ýüzünden ýok bolan ýagdaýy üçin «Ýeriň gara gutusy» gurlar

Düýn, 10:576,099

Tasmaniýa adasynyň (Awstraliýa) günbatar kenarynda «Ýeriň gara gutusy» (Earth’s Black Box) diýlip atlandyrylýan üýtgeşik sungat desgasyny gurmak meýilleşdirilýär. «CNN» neşiriniň habar bermegine görä, munuň maksady global klimatik çökgünligiň netijelerini hasaba almak we adamzat ýitip ýok bolan ýagdaýynda bu maglumatlary saklap galmakdan ybaratdyr.

Bu taslama diwarlarynyň galyňlygy 7,5 santimetre deň bolan ägirt uly polat monolit görnüşinde bolar. Onuň ölçegleri şäher awtobusy bilen deňeşdirilýär. Ony gurnamak üçin ýer hökmünde taşlanan aeroportyň çägi saýlanyp alyndy. Gurluşyk işlerini 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Gurluşyň içinde ýüzlerçe maglumat toplumlary ýerleşdiriler: klimat hasabatlary, temperatura görkezijileri, Dünýä ummanynyň derejesi baradaky maglumatlar, syýasy beýanatlar we klimatyň üýtgemegi baradaky beýleki materiallar.

Taslamanyň awtorlary bu desgany «maglumatlary ýazmak üçin tas weýran edip bolmajak awtonom gurluş» hökmünde häsiýetlendirýär. Desganyň ady uçar heläkçilikleriniň sebäplerini anyklaýan bort ýazyjylary (gara gutular) bilen meňzedilip alyndy. Diňe bu taslamada «uçaryň» roly Ýer şaryna, «uçarmanyň» roly bolsa tutuş adamzada berilýär.

Clemenger mahabat agentligi, Glue Society art-topary we Rouser Lab ekologik guramasy bu taslamany başlanlar bolup çykyş etdi. Awtorlar bu desganyň geljekki nesiller üçin wagt kapsulasy bolup hyzmat etjekdigine, häzirki adamlara bolsa ekologik meseleleriň gerimini ýatlatjakdygyna bil baglaýar.

Şeýle-de bolsa, ylmy jemgyýetçilikde bu pikir belli bir derejede şübheli garşylandy. Käbir hünärmenleriň pikiriçe, klimat heläkçiligi bilen gorkuzmak jemgyýeti elmydama işjeň hereketlere höweslendirmeýär. Ýel uniwersitetiniň professory Entoni Leýzerowis klimat çökgünliginiň adamlar tarapyndan gyssagly howp däl-de, uzak möhletleýin mesele hökmünde kabul edilýändigine, şonuň üçin hakyky özgerişler üçin diňe howsala döredýän simwollaryň ýeterlik däldigine ünsi çekdi.

«Gara gutynyň» döredijileri bolsa, tersine, adamzadyň iň erbet netijäniň öňüni alyp biljekdigine ynanýar.

«Uçar henizem howada uçup barýar» – diýip, olar belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.