Honda we Ýaponiýanyň beýleki kompaniýalary EA ulanýan işgärlerine pul baýraklaryny bermäge taýýar

Şu gün, 11:311,243

Günbatar korporasiýalary emeli aňy mejbury ornaşdyrmagyň ýaramaz taraplary — artykmaç çykdajylar we işgärleriň ýasama işjeňligi ýaly kynçylyklar bilen eýýäm ýüzbe-yüz boldular. Ýapon telekeçiligi bolsa bu ugurdaky ädimlere täze başlap, işgärleri göni maliýe taýdan höweslendirmek ýoluny saýlaýar. Nikkei Asian Review neşiriniň ýazmagyna görä, ýapon kompaniýalarynyň bu meseledäki çemeleşmesi beýlekilerden düýpgöter tapawutlanýar.

Şeýlelikde, awtoulag ägirdi Honda Motor emeli aň ugrunda ýörite üç basgançakly güwänama ulgamyny işläp düzdi. Munda işgärleriň hünär derejesi ýazmaça synaglar we özara söhbetdeşlikler arkaly bahalandyrylýar. Emeli aň gurallaryny ulanmakda iň ýokary ussatlyk derejesini subut eden işgärlere aýlyk zähmet hakyna goşmaça her aý 920 dollar möçberinde pul baýragy bellenilýär.

Häzirki wagtda korporasiýanyň 45 müň işgärinden diňe 280 adamy bu güwänamany almagy başardy, iň ýokary derejeli goşmaça puly bolsa 10-dan köp bolmadyk hünärmen gazanýar. Ýolbaşçylar ýene birnäçe ýylyň içinde şeýle hünärmenleriň sanyny 1000 adama ýetirmegi meýilleşdirýärler we olaryň beýleki kärdeşlerini hem bu işe çekjekdigine ynanýarlar. Geçen maliýe ýylynda Honda kompaniýasynyň 26 milliard dollar arassa zyýan çekendigine garamazdan, ýolbaşçylar emeli aňyň we täze tehnologiýalaryň işiň netijeliligini täzeden dikeltmäge kömek etjekdigine ynamlary uly.

Emeli aňy höweslendiriş ulgamyna girizmek synanyşyklary beýleki pudaklarda hem amala aşyrylýar, ýöne olaryň netijeleri dürli-dürlidir. Mysal üçin, FamilyMart söwda ulgamy käbir wezipeleriň aýratynlyklary sebäpli neýroulgamlary ulanmagyň mümkin däl diýlen mesele bilen çaknyşdy. Bu bolsa wezipeleri kompýuter tehnologiýalaryna degişli bolmadyk işgärleriň arasynda alagözlük duýgusynyň döremegine sebäp bolýar.

Öz gezeginde, All Nippon Airways awiakompaniýasy bolsa emeli aňy ulanmagy işgärleriň öz meýline goýmak we has täzeçilleşdirmekýoly bilen üstünlikli ornaşdyrmagy başardy. Mysal üçin, uçarlara tehnik hyzmat edýän hünärmenler uçaryň hereketlendirijileriniň ýagdaýyny surata görä seljerýän emeli aň ulgamy oýlap tapyldy we onuň awtorlaryna goşmaça pul sylaglary berildi.

Umuman alanyňda, ýurt boýunça emeli aňy özleşdirenler üçin maddy taýdan höweslendirmek tejribesi entek doly köpçülikleýin häsiýete eýe bolup bilmedi. Mart aýynyň maglumatlaryna görä, Ýaponiýanyň iň uly 143 kärhanasynyň arasynda diňe 10%-den hem azrak kompaniýa gündelik işinde emeli aňy ulanýan işgärleri üçin ýörite bonuslary ýa-da goşmaça tölegleri göz öňünde tutupdyrlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.