13-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary başlandy. Bu saparyň çäklerinde ol indoneziýaly kärdeşi Muhammad Anis Matta bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdy we halkara hem-de sebit gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdy.
Taraplar yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli guraly bolup hyzmat edýändigini we döwletara gepleşikleri berkitmäge ýardam edýändigini nygtady.
Duşuşyga gatnaşyjylar BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdi hem-de tagallalary utgaşdyrmaga we biri-biriniň halkara başlangyçlaryna özara goldaw bermäge taýýardyklaryny tassyklady.
Türkmen tarapy Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Sebitara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen «Merkezi Aziýa + ASEAN» dialog görnüşini döretmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşler özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýumlary işjeňleşdirmek we dürli ykdysady pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmekde bilimiň, ylmyň, medeniýetiň, sportuň we syýahatyň möhüm orny bellenilip geçildi. Taraplar ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriň we medeni guramalaryň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle-de bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirdi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça diplomatlar özara bähbitli ugurlar boýunça türkmen-indoneziýa hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.