Wenesiýada Horhe Luis Borhesiň meşhur labirinti abatlaýyş işlerinden soň gaýtadan açyldy

Düýn, 23:15712
1 / 4

Wenesiýanyň San-Jorjo adasynda geçirilen abatlaýyş işlerinden soň, ýazyjy Borhesiň meşhur labirint-bagy ýene-de gelim-gidimli ýere öwrüldi.

Bu täsin desga 2011-nji ýylda meşhur ýazyjy Horhe Luis Borhesiň aradan çykmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp döredilipdi.

Taslamanyň awtory britan arhitektory we diplomaty Rendall Kout bolup. Ol baryp, 1979-njy ýylda öz ýazyjy dostunyň dünýäden gaýdyşy hakynda gören düýşünden täsirlenip, bu labirinti gurmagy ýüregine düwüpdir. Taslama ilkinji gezek Argentinada durmuşa geçirildi, soňra bolsa ýazyjynyň aýaly Mariýa Kodamanyň tagallalary netijesinde, argentinaly awtoryň aýratyn söýen şäheri Wenesiýada hem guruldy.

Uzynlygy takmynan 1,15 kilometre ýetýän labirint 3 müňden gowrak şemşat agaçlaryndan döredilendir. Bu ýaşyl baglyga ýokardan seredilende, gyrymsy agaçlar ýazyjynyň adyny (BORGES) we onuň döredijiliginiň esasy alamatlary bolan gumsagady, aýnalary, hasany, ýolbarsy we sorag belgisini şekillendirýär.

Desganyň abatlanyp täzeden açylmagy birden iki sany şanly senä – labirintiň döredilmeginiň 15 ýyllygyna we Borhesiň aradan çykmagynyň 40 ýyllygyna gabatlanyldy. Abatlaýyş işleriniň dowamynda guramaçylar mümkinçiligi çäklendirilen adamlara aýratyn üns berdiler: Italiýanyň Körler we şowakörler bileleşigi bilen bilelikde labirintiň girişinde el bilen syzyp öwrenmek üçin ýörite taktil karta ýerleşdirildi. Horhe Luis Borhesiň 55 ýaşynda görmek ukybyny doly ýitirip, ömrüniň soňky ýyllaryny garaňkylykda geçirmeli bolandygy sebäpli, bu täzeligiň örän çuň manysy bardyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.