Fransiýanyň Milli kitaphanasy fransuz ýazyjysy Albert Kamýunyň arhiw ýazgylarynyň iň uly toplumyny satyn aldy. Bu söwda ýurduň taryhynda edebi mirasy gorap saklamak bilen bagly iň ägirt uly waka hökmünde yglan edildi.
Ýazyjynyň mirasdüşerlerinden 9 million ýewro satyn alnan bu gymmatly arhiw resminamalar doldurylan 260 sany gutudan ybarat bolup, olaryň umumy uzynlygy 50 metre ýetýär. Bu ylalaşyga CIC banky we Hermes modalar öýi maliýe taýdan ýakyndan goldaw berdi.

Kitaphana tabşyrylan arhiwiň içinde örän seýrek duş gelýän we geň galdyrýan resminamalar bar. Olaryň arasynda ýazyjynyň dünýä belli «Keseki» romanynyň asyl golýazmasy, ömrüniň soňky günlerinde ýazyp ýetişmedik «Ilkinji adam» atly eseriniň golýazmasy, şeýle hem Wilýam Folkneriň romany esasynda sahnalaşdyrylan «Monah aýal üçin ýas mukamy» dramasynyň režissýorlyk nusgasy bar.
Bulardan başga-da, toplumda ýazyjynyň 1950-nji ýyllara degişli Hermes markaly şahsy gündelikleri, ýazgy depderçeleri, örän uly hat-habar toplumy we hatda Fransuz garşylyk görkezme hereketine gatnaşan ýyllarynda ulanan galp şahsyýetnamasy hem bar.

Bu taryhy ylalaşyga çenli döwlet hazynasynda ýazyjynyň diňe «Mergi» (La Peste) romanynyň golýazmasy we hatlarynyň ujyply bir bölegi saklanýardy.
Täze gelen bu gymmatly resminamalar Kamýunyň döredijiligini öwrenýän barlagçylar üçin has giň mümkinçilikleri açar. Giň okyjylar köpçüligi bolsa bu täze tapylan arhiw eksponatlaryny 2027-nji ýylyň martynda, Albert Kamýunyň edebiýat boýunça Nobel baýragyna eýe bolmagynyň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek ýörite sergide ýakyndan synlap bilerler.