Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekdi

Şu gün, 13:231,572
1 / 3

14-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça möhüm diplomatik çäreler geçirildi. Günüň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowyň arasynda duşuşyk guraldy. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow bilen Bahtiýor Saýidowyň arasynda geçirilen duşuşykda ozal gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi ara alyp maslahatlaşyldy we söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika hem-de senagat ulgamlarynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň gidişi seljerildi.

Şeýle hem taraplar sebit we halkara syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyp, Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerinde garaýyşlarynyň ýakyndygyny tassyklady.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen nobatdaky syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Gepleşiklerde BMG, GDA, YHG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Goşulyşmazlyk hereketi ýaly halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň biri-biriniň halkara başlangyçlaryny goldamaga we tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, parlamentara gatnaşyklary we göni pudaklaýyn aragatnaşyklary giňeltmek barada gürrüň edildi.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda aýratyn üns söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gönükdirildi. Özara söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, logistika düzümini kämilleşdirmek hem-de sanly ykdysadyýet we oba hojalygyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak meselelerine seredildi. Medeni-ynsanperwer ugurda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek barada ylalaşyldy.

Şol gün möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.