Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün, 13:261,153

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň başynda myhman Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem özbek kärdeşine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bu saparyň iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşykda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan ýokary derejesini aýratyn belledi. Iki ýurt Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Şeýle-de, sebit durnuklylygy üçin möhüm ähmiýeti bolan «Merkezi Aziýa +» formatyndaky hyzmatdaşlyk barada aýratyn nygtalyp geçildi.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe çäreler geçiriler. Olaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bar.

Serdar Berdimuhamedow bu çäreleriň sebitara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge uly itergi berjekdigini nygtady.

Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklar, şol sanda energetika we ulag-logistika ulgamlary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Bu ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmekde we tagallalary utgaşdyrmakda bilelikdäki türkmen-özbek toparyna uly orun degişlidir.

Mundan başga-da, taraplar köpasyrlyk dostluga we umumy ruhy gymmatlyklara daýanýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, yzygiderli medeni çäreleri guramagyň wajypdygyny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.