OpenAI özüniň ilkinji gurluşyny — EA agentlerini dolandyrmak üçin klawiaturany çykardy

Düýn, 20:00929
1 / 3

OpenAI amerikan kompaniýasy özüniň ilkinji gurluşyny — Work Louder brendi bilen bilelikde döreden Codex Micro atly ykjam klawiaturasyny hödürledi. Bahasy 230 dollar bolan bu täze gurluş emeli aň agentlerini dolandyrmak üçin niýetlenendir.

Gurluş kompýutere birikdirilýär we penjireleriň arasynda yzygiderli geçip durman, çat-botlar bilen işleşmäge mümkinçilik berýär. Klawiatura 13 sany mehaniki düwme, sensor paneli, aýlanýan sazlaýjy we ýasy joýstik bilen üpjün edildi.

Joýstik programma koduny görmek, düzedişleri girizmek we refaktoring ýaly adaty iş ssenarilerini işe girizmek üçin niýetlenendir. Aýlanýan sazlaýjy bolsa emeli aňyň «pikir ýöretme» derejesini — çalt jogaplardan başlap, has çuňňur seljermelere çenli üýtgetmäge mümkinçilik berýär.

Gurluşyň aýratynlyklarynyň biri hem RGB yşyklandyrmasy bolup, ol emeli aň agentleriniň häzirki ýagdaýyny: pikir edýän wagtyny, tabşyrygy ýerine ýetirýän pursatyny, garaşylýan ýa-da taýýar ýagdaýyny görkezýär.

Codex Micro klawiaturasy Bluetooth we USB-C arkaly birikmäni goldaýar hem-de macOS we Windows operasion ulgamlarynda işleýän kompýuterler bilen utgaşýar. Onuň korpusy polikarbonatdan we işlenilen alýuminden taýýarlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.