Fransiýada ýylyň şu döwri üçin suw ulanmak boýunça rekord derejede köp çäklendirme girizildi. Ýurduň Ekologiýa ministri Monik Barbýunyň aýtmagyna görä, ýurt taryhynda iň ir başlan we iň güýçli guraklyklaryň biri bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Ministrlikde geçirilen mejlisde çykyş eden Barbýu guraklygyň adatdakysyndan tas bir aý öň başlandygyny we munuň 2012-nji ýylda milli gözegçilik ulgamy döredileni bäri iň agyr ýagdaýdygyny mälim etdi. Ol howanyň üýtgemeginiň tebigatdaky suw aýlanyşygyny bütinleý bozandygyny aýratyn belledi. Has-da derýalaryň we kiçi akabalaryň ýagdaýy uly alada döredýär: adatdan daşary yssy howa sebäpli iýun aýyndan bäri suw akymlarynda suwuň derejesi birden peseldi, kiçi akar suwlaryň bolsa dörtden bir bölegi doly gurady.
Guraklyk we epgekli yssy ýurduň hassahanalaryna bedeniň suwsuzlanmagyndan, gyzgyn urmagyndan we dowamly keselleriniň ýitileşmeginden ejir çekýän näsaglary hem köpelmegine sebäp boldy.
Bu kyn ýagdaý diňe Fransiýa bilen çäklenmän, eýsem tutuş Ýewropany gurşap aldy. Birnäçe ýurtlarda eýýäm mellekleri, otluklary suwarmak we howuzlary doldurmak gadagan edildi. Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa we Şweýsariýa ýaly ýurtlarda howanyň iň ýokary howp derejesi yglan edildi.
Alymlaryň pikiriçe, bu aşa gyzgyn howa adam täsiri netijesinde dörän howanyň üýtgemegi bilen göni baglanyşyklydyr. Çünki parnik gazlarynyň howa goýberilmegi dünýäniň durnukly gyzmagyna sebäp bolup, şeýle rekord yssylaryň ýüze çykmagyna şert döredýär.