Dubaýda bir willa ýylda 4,6 million dollar rekord baha bilen kärendesine berildi

Düýn, 19:074,372
1 / 3

Dubaýda gozgalmaýan emläk bazarynda dünýäde görlüp-eşidilmedik täze bir rekord goýuldy: iň abraýly sebitleriň biri bolan Emireýts-Hills etrabynda ýerleşýän 7 sany ýatylýan otagly kaşaň willa ýylda 17 million dirheme (takmynan 4,6 million dollara) kärendesine berildi. Bu barada Khaleej Times neşiri habar berýär.

Şu wagta çenli ozalky iň ýokary rekord görkezijisi dünýäniň iň beýik binasy bolan Burj Khalifa toplumyndaky penthausa degişlidir. Ol penthaus ýylda 12 million dirheme (3,26 million dollara) kärendesine berlipdi.

«Köşk» ady bilen tanalýan bu ägirt uly binanyň abatlaýyş we bezeg işlerine gözegçilik eden kaşaň emläk bazarynyň bilermeni Lienn Kingiň sözlerine görä, jaýyň eýeleri birnäçe millionlyk, hatda has uzak möhletleýin beýleki teklipleri ret edip gelipdirler. Olar bu jaýyň içinde onuň üýtgeşik binagärlik gurluşynyň, dizaýnynyň, içindäki gymmat bahaly gadymy goşlarynyň we taryhynyň gadyryny biläýjek kärendeçiniň ýaşamagyny isläpdirler.

Bu rekord şertnama emirlikde kaşaň jaýlara bolan islegiň we gyzyklanmanyň näderejede ýokarydygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Geçirilen hasabatlara we birinji ýarym ýyllygyň netijelerine görä, Dubaýyň gozgalmaýan emläk bazaryndaky umumy söwda möçberi iň ýokary sepgide ýetip, 286,43 milliard dirheme (takmynan 78 milliard dollara) deň boldy. Şol döwürde amala aşyrylan iň gymmat satylyşyk bolsa Aman Residences Dubai toplumyndaky bahasy 114,9 million dollara ýeten üýtgeşik bir jaýa degişli boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.