Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisiniň «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa döwlet Baştutany we Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Kobahidze gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Maslahatda ilki bilen çykyş eden Irakliý Kobahidze döwlet Baştutanyny we foruma gatnaşyjylary mübärekläp, şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durnukly we ýokary depginde ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.
Ol häzirki wagtda Gruziýada türkmen maýasynyň gatnaşmagynda ulag-logistika, gurluşyk we oba hojalygy pudaklarynda bilelikdäki kärhanalaryň netijeli iş alyp barýandygyny nygtap, forumyň işewürleriň arasynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurduň ykdysady ösüşi we 2026-njy ýyl üçin göz öňünde tutulan maýa goýum Maksatnamasy barada durup geçdi. Döwlet Baştutany JIÖ-niň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamagyň maksat edilýändigini belläp, ýangyç-energetika pudagynyň, hususan-da, «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň we Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlar bolup galýandygyny nygtady.
Gazhimiýa pudagynda gazanylan ösüşler, mineral dökünleriň, polimerleriň we beýleki himiýa önümleriniň eksporty Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň görkezijisi hökmünde bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hususy pudagyň netijeli ösdürilýändigine, gurluşyk serişdelerini, kabel we elektrotehnika önümlerini öndürýän kärhanalaryň, şeýle-de dokma we oba hojalyk pudaklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artýandygyna ünsi çekdi.
Ýurtda öndürilýän taýýar dokma önümleriniň möçberi ýylda 130 müň tonnadan hem geçýär. Öndürilýän dokma önümleriniň umumy möçberiniň 80 göterime golaýy bolsa eksporta iberilýär.
Döwlet Baştutany kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, Gruziýanyň kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu taslamany döwlet-hususy hyzmatdaşlygy esasynda durmuşa geçirmek teklip edildi. Şeýle-de, syýahatçylyk we hyzmatlar ulgamynda Gruziýanyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirildi.
Serdar Berdimuhamedow bu forumyň işewürleriň arasynda oýlanyşykly we anyk dialogyň başlangyjy boljakdygyna, şeýle çäreleriň yzygiderli esasda geçiriljekdigine ynam bildirip, gatnaşyjylara netijeli gatnaşyklary we peýdaly tejribe alyşmagy arzuw etdi.