Mejlisde Günorta Koreýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi

Düýn, 21:31773
1 / 2

16-njy iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Çýo Hýon Dunyň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Şol gün türkmen-koreý parlamentara dostluk toparlarynyň hem duşuşygy boldy diýip, Mejlisiň resmi saýty habar berýär.

Taraplar parlamentara gatnaşyklary, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» parlamentara forumynyň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy koreýaly hyzmatdaşlaryna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, şol sanda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar kanun çykaryjylyk işinde, parlament diplomatiýasynda, söwda, energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma, gämi gurluşygy we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine hem seretdi.

Bilim ulgamyndaky özara bähbitli gatnaşyklara, şol sanda Türkmenistanda koreý diliniň öwrenilişine we türkmen talyplarynyň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyna aýratyn üns berildi.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.