Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dowam edýän 23-nji Dünýä çempionatynyň iň soňky we aýgytly final duşuşygyna gatnaşjak toparlar eýýäm mälim boldy. Şeýle uly ýaryş barada ýurdumyzyň futbol janköýerleri üçin türkmen futbolunyň meşhur ýyldyzlarynyň pikir-garaýyşlaryny bilmek örän gyzykly bolsa gerek.
Şuny göz öňünde tutup, TMCARS News habarlar gullugynyň ýörite habarçysy ýaryşyň iň möhüm we esasy wakalary baradaky pikirlerini bilmek maksady bilen, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany hem-de Aşgabadyň «Altyn Asyr» toparynyň tejribeli ýarymgoragçysy Elman Tagaýew bilen söhbetdeş boldy.
Dünýä çempionatynyň täze formaty hakda
— Elman, şu gezek täze formatda geçirilýän dünýä çempionaty futbola nämeler getirdi diýip bilersiňiz?
— Aý, näme diýip bolar, ajaýyp şüweleň, owadan oýunlar, garaşylmadyk netijeler, hem-de bir azrak bolsa-da, ukusyz gijeler (gülýär).
— Ol dogry-la welin futbol pelsepesine näme üýtgeşme getirdi diýip bolar?
— Bu barada kän zat diýip bolar, futbol akyl bilen oýnalýan oýun, akyl bar ýerinde, elbetde, pelsepe diýýäniňiz hem bolup biler. Bilmedim, men söz ussady däl-de, futbolçy bolamsoň, diýjek sözümiň pelsepe ýa-da häki bir pikirdigini kän tapawutlandyryp bilemok. Ýöne şuny aýdaýyn: şu DÇ futbolyň soňky sekunda çenli dowam edýänligini umumy köpçülige ýene bir gezek ýatlatdy. Esasanam, öňe saýlanandan soň goragda ýatyp oýnamagyň zyýanly taktikadygyny subut edip berdi diýesim gelýär.
Final baradaky çaklama
— Finalda kim utar? Haýsyna janköýerlik edýäňiz?
— Özüm-ä Argentinanyň janköýeri, ýöne finalda Ispaniýanyň mümkinçiliklerini has ýokary hasaplaýan.
— Bu çaklamaňyz nämä esaslanýar?
— Sebäbi ispanlaryň ýeňen oýunlarynyň aňyrsynda haýsydyr bir çüwen pursatlary, ýa-da garşydaşyň gödek ýalňyşlaryny, ýa bolmasa taktiki näsazlyklary tapmak kyn. Argentina hakynda bu sözleri arkaýyn aýdyp bolmaz.

Eminlik we metbugatdaky jedeller hakda
— Eminleriň işi we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde olara aýdylýan tankytlar hakynda näme diýersiňiz? «Habarym ýokdur» diýip, başdan sowjak bolmaň.
— Eminler hakynda üýtgeşik pikirim ýok, meň pikirimçe dile alar derejede mojuk ýalňyşlar bolmady. Žurnalistleriň belliklerem bolýan zat, ozalam bolýardy, olaram futbolyň belli bir bölegi diýen ýaly...
Dünýä çempionatynyň 64 topara çenli giňeldilmek ähtimallygy barada
— Elman, soňky sorag. Dünýä çempionatyna 64 ýygyndy gatnaşmaly ediläýse, nähili bolar? Infantino-ha muňa «bolup biläýjek zat» diýip kakdyryp goýdy. Siziň pikiriňizçe nähili?
— Bagyşlaň, bu soragam ýaňky soragyňyz ýaly dälmi (gülýär). Habar beriş serişdeleriniň işgärlerine hem berekella diýeýin şu ýerde. Soraga gelsek, ýolbaşçylar oňlasa — näme üçin bolmasyn, bolar. Geliň, muny matematika taýdan pikirleneliň: Aziýada (AFK) 47 sany ýurt bar. Olaryň 24-si Aziýa Kubogyna gatnaşýar. Bu diýildigi 51% gatnaşýanlygyny aňladýar. Ýewropada (UEFA) 55 sany bar. Olaryňam 24 sanysy Ýewropa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşýar. Bu bolsa 43%. FIFA-da bolsa jemi 211 agza bar, eger 64 ýygyndy dünýä çempionatyna gatnaşaýanda-da... (az-kem oýlanýar) edil ýatdan hasaplap biljek däl, ýöne 40%-e ýetmejegi düşnükli. Diýmek, synanyşyp göreniňe deger. Bolup biläýjek zat.

Elman Tagaýew professional futbola 2006-njy ýylda «Köpetdag» klubynyň düzüminde gadam basdy. Ol sport karýerasynyň dowamynda «Aşgabat», «AZAL» (Azerbaýjan), «Andijan» (Özbegistan), «Sabaýyl» (Azerbaýjan), «Nawbahor» (Özbegistan), «Ahal» we «Nebitçi» ýaly toparlarda çykyş etdi. Türkmenistanyň çempionatynyň bu möwsümini ol «Altyn Asyr» toparynda dowam eder.
Ýeri gelende aýtsak, tejribeli ýarymgoragçy 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 10 gol urup, çempionatyň iň netijeli oýunçysy bolmagy başardy. Şeýle hem ol dört gezek: 2021, 2023, 2024 we 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.
Futbol janköýerleri onuň «Ahal» toparynyň düzüminde çykyş edip, AFK-nyň Çempionlar ligasynda Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» klubyna garşy geçiren oýundaky ýeňiş goluny häli-şindi hem mähir bilen ýatlaýarlar (19.09.2023 ý., «Ahalyň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi).