Caviar Messi we Ronaldunyň hormatyna smartfon toplumyny çykardy

Düýn, 20:334,296
1 / 6

Kaşaň smartfonlary we aksesuarlary öndürýän Caviar brendi Lionel Messi bilen Kriştianu Ronaldunyň arasyndaky futbol bäsdeşligine bagyşlanan «Rowaýatylar» atly çäklendirilen täze toplumyny tanyşdyrdy.

Futbolçylaryň portretleri gyzgyn germewli emal tilsimaty arkaly doly elde işlenip taýýarlanyldy. Argentinaly ýyldyza ak we gök reňkleriň utgaşmasynda ýerine ýetirilen «Samsung Galaxy Z Fold 8 Ultra» modeliniň aýratyn görnüşi bagyşlandy.

Smartfonuň beýanynda şeýle diýilýär:

«Argentina milli ýygyndysynyň kapitanynyň portreti eplenýän flagman – Samsung Fold 8 modeliniň panelinde şekillendirildi. Enjamyň bu çylşyrymly gurluşy Messiniň oýnunyň köptaraplylygyny aňladýar. Ak we gök emal öwüşginleri bilen utgaşan 999 probaly altyn çyzyklar bolsa, onuň Argentinanyň milli gymmatlygy hökmündäki derejesiniň alamatydyr».

Ronaldu üçin ýörite taýýarlanan modeliň esasy hökmünde bolsa «iPhone 17 Pro» we «Pro Max» smartfonlary saýlanyp alyndy. Bu model has ýiti we kontrastly stillerde dizaýn edildi.

Bu hakda brendiň resmi saýtynda şeýle bellenilýär:

«Portugaliýa milli ýygyndysynyň kapitanynyň portreti ýerleşdirilen bu flagmanyň okgunly çyzyklary Ronaldunyň oýnunyň joşgunyny we güýjüni görkezýär. Messiniň modelinden tapawutlylykda, «Ronaldu» dizaýny has haýbatly we saldamly stildedir. Eger Messi nepis oýnuň pespäl genisi bolsa, Ronaldu — synmaz erkiň we öz üstünde çeken ägirt uly zähmetiniň nusgasy bolan hyjuwly liderdir. Onuň futbol ýoly örän güýçli energiýa, kämil taplanan bedene we hemişe öz mümkinçiliklerini synap ýörmäge esaslanýar».

Bu ýörite toplum futbol boýunça Dünýä çempionatynyň finalyna hem-de «Samsung Galaxy Z Fold 8 Ultra» modeliniň tanyşdyrylyşyna gabatlanyp çykaryldy. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, bu ýaryş Messi bilen Ronaldunyň gatnaşan iň soňky Dünýä çempionaty bolar.

Bahalary barada aýtsak, Messä bagyşlanan Samsung modeliniň bahasy takmynan 10,4 müň dollardan, Ronaldunyň hormatyna çykarylan iPhone modeliniň bahasy bolsa 8,8 müň dollardan başlaýar. Toplum boýunça jemi bary-ýogy 19 sany smartfon öndürildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.