Türkmenistanyň 7х7 futbol boýunça erkekler ýygyndysy Gothia Cup ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Şu gün, 14:351,129

Türkmenistanyň 7х7 futbol boýunça erkekler ýygyndysy 12-16-njy iýul aralygynda Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde geçirilen Gothia Cup halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Ýaryşda Türkmenistanyň sport wekiliýetine 14 türgen wekilçilik etdi. Toparlaýyn tapgyrda türkmen topary üç ýeňiş gazandy: Hindistanyň ýygyndysyny 6:0, Finlýandiýany 7:0 we Estoniýany 7:3 hasabynda utdy.

16-njy iýulda geçirilen final duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de Estoniýanyň topary bilen duşuşdy. Oýun türkmen futbolçylarynyň 4:3 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanyp, topara öz toparçasynda ýaryşyň altyn medalyny getirdi.

Bürünç baýraga bolsa Hindistanyň topary mynasyp boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.