Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýa döwlet saparyny tamamlady

Şu gün, 01:05301

17-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýa amala aşyran döwlet saparyny tamamlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Ir bilen döwlet Baştutany Tbilisi şäheriniň Gahrymanlar meýdançasyndaky ýadygärlige baryp, Gruziýanyň azatlygy, garaşsyzlygy we jebisligi ugrunda pida bolan gahrymanlaryň hatyrasyna gül dessesini goýdy.

Şondan soň, Serdar Berdimuhamedow Hökümet binasyna ugrady we ol ýerde Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen gepleşikleri geçirdi.

Gruziýanyň hökümet Baştutany Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini belläp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlaryň durnukly syýasy gepleşikleri dowam etdirýändigini, halkara meýdançalarynda, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäginde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda ulag we logistika, energetika, söwda, sanlylaşdyrma, oba hojalygy, syýahatçylyk, ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň gruziýaly hyzmatdaşlaryna Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykmaga ýardam etmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem halkara ulag taslamalaryny, şol sanda «Lazurit» ulag geçelgesini we Hazar deňzi — Gara deňiz ugruny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklandy.

Şeýle-de, taraplar işewürlik wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegiň, Medeniýet günlerini geçirmegiň, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň, şonuň bilen birlikde doganlyk şäherleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Bilelikdäki Beýannama gol çekdi we dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 20 sany ikitaraplaýyn resminamany alyşdy.

Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy bilen Gruziýanyň «Europe 24» TW-kompaniýasynyň arasynda habarlar materiallaryny alyşmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar.

Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň, Serdar Berdimuhamedow we Irakliý Kobahidze köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meýillerini tassyklady.

Saparyň maksatnamasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutany Türkmenistana ugrady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.