Lebap welaýatynda Halk maslahatynyň mejlisiniň guramaçylygyna bagyşlanan wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Düýn, 16:193,951

Türkmenistanyň Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini we ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Gahryman Arkadagyň ak ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary we il sylagly ýaşulular gatnaşdy.

Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýan wezipeleri, aýratyn-da, ýerli halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet goldawyny bermek hem-de raýatlardan gelip gowuşýan tekliplere garamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, halkyň agzybirligini, jebisligini we abadançylygyny berkitmek Halk Maslahatynyň baş maksadydyr. Täze taryhy döwürde möhüm wezipeleri halk köpçüligi bilen ara alyp maslahatlaşmak ýaly gadymy demokratik däpler jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Prezidiumyň mejlisinde tassyklanan wezipelere laýyklykda, umumymilli forumy ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň senesini kesgitlemek we guramaçylyk-usuly işleri talabalaýyk alyp barmak ugrunda wajyp çäreler göz öňünde tutuldy.

Şeýle-de, Lebap welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda toý sadakasy berildi. Bu çäre Arkadag şäherinde gurlan 30 müň adama niýetlenen täze metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrylmagy hem-de ýurduň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi mynasybetli guraldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.