Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň dowamynda ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň meseleleri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek boýunça guramaçylyk çäreleri, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ýokary zähmet netijelerini gazanan raýatlary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara hödürlemek boýunça alnyp barylýan işlere seredildi.
Ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, ykdysadyýetiň pudaklaryny has-da ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamaga, maýa goýumlary çekmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, saglygy goraýşy, senagaty, oba hojalygyny ösdürmäge we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berildi.
Mejlisde ahalteke bedewlerini dünýä tanatmak we milli atçylyk pudagyny ösdürmek meseleleri hem maslahatlaşyldy. Türkmen türgenleriniň hem-de atçylyk toparlarynyň halkara ýaryşlara we çärelere gatnaşmagy, şeýle hem ýurtda yglan edilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde täze sergileri, forumdyr çäreleri taýýarlamak barada bellenilip geçildi.
Mejlisiň netijeleri boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ony taýýarlamak boýunça guramaçylyk toparyny döretmek barada Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararlaryna gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, mejlis 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary wekilleriň sanawyny 1-nji sentýabra çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna tabşyrmalydyr.