Lingwistler 75 dildäki 223 sözüň arasyndan dünýäde iň owadan sözi saýlady

19.07.2026, 10:114,647

Halkara eminler topary Täze Zelandiýanyň ýerli halky bolan maorileriň dilindäki «kaýtiakitanga» (kaitiakitanga) sözüni dünýäniň iň owadan sözi diýip saýlady. Bu sözüň başga dillere göni terjimesi ýok. Ol adamzadyň tebigaty goramak we ony geljekki nesiller üçin saklap galmak jogapkärçiligini aňladýar.

«Bild» neşiriniň ýazmagyna görä, kaýtiakitanga diňe bir daşky gurşawy goramakdan has çuňňur manyny berýär: maorileriň dünýägaraşyna görä, adamlar tebigatyň eýeleri däl-de, diňe onuň bir bölegidir, diýmek, onuň goragçylarydyr.

Dünýäniň iň owadan sözi ady ilkinji gezek berilýär. Bu taslamany öňe süren «Babbel» dil öwreniş platformasy boldy. Eminleriň düzümine lingwistler, ýazyjylar we medeniýet boýunça bilermenler girdi.

Platforma internetdäki adamlar toparlarynyň, şol sanda Reddit we TikTok ulanyjylarynyň arasyndaky 75 dilden 223 sözi seljerip hem-de sözleriň ýaňlanyşyna, manysyna, seýrekligine we medeni ähmiýetine baha beren bilermenleriň pikirlerini diňläp, ýeňijini saýlap aldy.

Iň gowy 15 sözüň hataryna şu aşakdaky sözler hem girdi:

  • Aura (grek) — adamy gurşap alýan aýratyn duýgy, energiýa ýa-da gurşaw.
  • Hiraet (walliý) — ýitirilen ýa-da hiç wagt hakyky tanyş bolmadyk öýe ýa-da wagta bolan çuňňur, ajy-süýji küýseg.
  • Ikigaý (ýapon) — durmuşda adama her gün irden turmaga sebäp berýän maksat duýgusy.
  • Iriý (wyriý) (ukrain) — rowaýata görä, gyşyna ruhlaryň we guşlaryň göçüp barýan mifiki, ýyly ýeri.
  • Kinsugi (ýapon) — döwlen keramika önümlerini altyn bilen abatlamak sungaty, munda jaýryklar gizlenmän, tersine, has-da aýdyňlaşdyrylýar.
  • Luftmenş (idiş) — amaly işlerden has köp pikirler we arzuwlar bilen ýaşaýan idealist ýa-da arzuwçyl adam.
  • Mamihlapinatapai (ýagan) — biri-birinden ilkinji ädimiň ädilmegine garaşýan iki adamyň arasyndaky köp manyly garaýyş.
  • Naz (urdu) — gürrüňsiz söýgüden döreýän ynam we buýsanç duýgusy.
  • Ohala (ispan) — bir zadyň amala aşmagyna bolan umyt ýa-da isleg aňlatmasy.
  • Poronkusema (fin) — aralygy ölçemegiň däp bolan birligi: demirgazyk sugunynyň buşukmaga mätäçlik çekmezinden ozal geçip biljek uzaklygy.
  • Saudade (portugal) — ýok bolan birine ýa-da bir zada bolan, şol bir wagtda hem agyryly, hem ajaýyp çuňňur küýseg.
  • Ubuntu (zulu) — umumy adamkärçilik filosofiýasy: «Biz bar bolanlygymyz üçin men bar».
  • Ýakamoz (türk) — Aý şöhlesiniň suw ýüzündäki kümüşsöw öwüşgini.
  • Zefir (grek) — mylaýym, ýeňil we serginlediji şemal.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.