Taýson Fýuri Pattaýýadaky söweşden geljek girdejileri Tailandyň öýsüz çagalaryna berer

Düýn, 11:064,998
1 / 2

Superagyr agramda öňki dünýä çempiony, britaniýaly boksçy Taýson Fýuri polşaly weteran Mariuş Waha garşy geçirjek indiki söweşiniň haýyr-sahawat tarapy barada giňişleýin gürrüň berdi.

Bu duşuşyk 24-nji iýula meýilleşdirilen bolup, ol Tailandyň Pattaýýa şäherindäki iki müň tomaşaça niýetlenen Max Muaythai Stadium arenasynda geçiriler.

«GoldStar Promotions» kompaniýasyna beren interwýusynda Fýuri Tailandda bolan wagty köçelerde köp sanly öýsüz adamlaryň we çagalaryň bardygyna üns berendigini düşündirdi. Şol sebäpli hem ol özünde petekleriň satuwyndan geljek ähli girdejini haýyr-sahawat işlerine bermek isleginiň dörändigini, ýöne ilki bilen guramanyň ygtybarlylygyna doly göz ýetirmek isländigini aýtdy.

Şeýlelikde, türgen eýýäm kyrk ýyldan gowrak wagt bäri Tailandda mätäç çagalara ýardam edip gelýän Father Ray Foundation gaznasyny saýlap aldy.

Boksçy bu gurama bolan sapary barada şeýle paýlaşdy:

«Biz şol çagalary görmek we bu meýletinçilik işlerine, bitirýän ägirt uly zähmetine jogapkär adamlar bilen tanyşmak üçin ýörite duşuşyk guradyk. Men ol ýere baran wagtym olar maňa hemme zady görkezdi we men bu ýerini söýdüm. Olaryň durmuşda hiç hili umydy bolmadyk çagalar üçin edýän işleri örän uly zat».

Stadion az sanly tomaşaçyny sygdyrýan hem bolsa, elýeterli bolan ähli 1500 petek bary-ýogy üç minutyň içinde doly satylyp gutardy. Bu bolsa 250 müň dollar möçberinde serişde toplamaga mümkinçilik berdi. Fýuri munuň örän gowy netijedigini belläp, ýerli çagalar üçin bu mukdaryň örän uly ähmiýete eýedigini we munuň 25 milliona barabardygyny nygtady. Şeýle-de, ol bu söweşi diňe pul gazanmak maksatly hasaplaýanlara çürt-kesik jogap berdi:

«Adamlar: “Bu diňe pul gazanmak üçin edilýän synanyşyk” diýýär. Eger men bu söweşden bir köpük hem almasam, bu nädip pul gazanmak bolsun?».

Mariuş Wah soňky gezek 2026-njy ýylyň martynda bokslaşyp, eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen Wiktor Wyhristden ýeňildi. Polşaly boksçynyň umumy statistikasynda 39 ýeňiş (20-si nokaut bilen) we 13 ýeňliş bar.

Taýson Fýuri özüniň iň soňky duşuşygyny 2026-njy ýylyň aprelinde Londonda geçirip, eminleriň çözgüdi bilen Arslanbek Mahmudowy ýeňdi. Britaniýalynyň hasabynda 35 ýeňiş (24-üsi nokaut bilen), iki ýeňliş (ikisi hem ukrainaly Aleksandr Usikden) we bir deňme-deňlik bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.