18-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Ilçi ýurtdaky diplomatik işini tamamlaýar diýip, daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar soňky ýyllarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ösüşindäki oňyn netijeleri belledi. Ýokary we iň ýokary derejelerdäki duşuşyklaryň hem-de saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy.
Gepleşikleriň ahyrynda Raşid Meredow ilçä iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa geljekki hünär işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Elizabet Rud hem Türkmenistanda diplomatik wezipesini ýerine ýetiren döwründe özüne berlen goldaw üçin ýurt ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.