Şener Jebeji Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine bellendi. Degişli Permana Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gol çekdi.
Permanyň teksti hökümetiň «Resmi Gazete» atly resmi neşirinde çap edildi.
Bu wezipä bellenmezinden ozal diplomat Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň baş müdiriniň orunbasary wezipesini eýeleýärdi we Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary boýunça işlere jogap berýärdi.
Täze wezipesinde Jebeji 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Türkiýäniň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna ýolbaşçylyk edip gelen Ahmet Demirokuň ornuny çalşar.