Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşdy. Ministr diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Sýaoszýun Wan bu wezipede 5 ýyllyk möhleti soňlanan Dmitriý Şlapaçenkonyň ornuny çalyşdy. Utgaşdyryjy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan bellenildi we türkmen hökümeti tarapyndan makullandy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Söhbetdeşlikde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň işine aýratyn üns berildi.
Şeýle-de, taraplar ýurduň milli ileri tutulýan ugurlaryna we ählumumy wezipelere laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki halkara başlangyçlaryny öňe sürmegiň, şeýle hem Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.