Serdar Berdimuhamedow oba hojalygy we gurluşyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün, 10:084,126

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maslahatda ýurduň oba hojalygynda we sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işler hem-de desgalaryň gurluşygy bilen bagly meselelere seredildi.

Oba hojalygynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň çäklerinde welaýatlaryň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, toprak mineral dökünler bilen gurplandyrylýar.

Ekişde ulanyljak tehnikalary we ýokary hilli bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle-de, gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Bulardan başga-da, ýurtda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak maksady bilen, güýz möwsüminde ekiljek ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň meýdanlary ekişe taýýarlanylýar, degişli sebitlerde şaly hem-de gant şugundyry ekinlerine ideg edilýär.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuny belläp, häzirki wagtda dowam edýän gowaça idegi we bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň, şeýle hem güýzki ekinleriň ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, şu ýyl ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek barada wise-premýere hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.