Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Fizika institutynyň alymlary foton (yşyk) böleklerini öndürmek wagtyny birnäçe sagatdan sanlyja sekunda çenli azaltmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýany işläp düzdüler. Bu täze usul önümçilik işini 100 esseden hem gowrak çaltlandyrar.
Täze usul foton çipleriniň içinde yşygy dolandyrýan üç ölçegli (3D) gurluşlary ýasamak üçin niýetlenendir. Bu tehnologiýa aýratyn elementleri bir-birden işlemek deregine, tutuş dört dýuýmlyk kremniý plastinasynda bir wagtda müňlerçe gurluşy emele getirýär.
Aýratyn bölekleri bir-birden döredýän öňki ion şöhleli usuldan tapawutlylykda, täze tehnologiýa giň ion şöhlesi bilen bir wagtda işlemäge esaslanýar. Ol ion bilen oýup nagyş çekmek usulyny öz-özüni ýygnamak ýörelgesi bilen utgaşdyryp, tekiz (2D) nanogurluşlary göwrümli üç ölçegli (3D) gurluşlara öwürýär.
Işläp düzüjileriň berýän maglumatlaryna görä, bu tehnologiýa burçlaryň birmeňzeşligini 97%-den gowrak derejede üpjün edýär we önümçiligiň tizligini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu oýlap tapyş üç ölçegli fotonikanyň esasy wezipeleriniň birini – aýratyn çylşyrymly elementleri ýasamakdan olary köpçülikleýin öndürmäge geçmek meselesini çözmäge gönükdirilendir. Şeýle gurluşlaryň ulanylmagy çiplerdäki bölekleriň ýerleşiş galyňlygyny ýokarlandyrmaga, signal päsgelçiliklerini azaltmaga hem-de maglumatlary geçirmegiň we işlemegiň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Foton çipleri ýokary maglumat geçirijiligi we adaty elektron çözgütler bilen deňeşdirilende tok ýitgisiniň azlygy sebäpli, kompýuter tehnikasyny ösdürmegiň geljegi uly ugry diýlip hasap edilýär.