NASA-nyň işine gözegçilik edýän Baş barlag müdirligi duýduryş hasabatyny çap etdi. Oňa görä, eger Aýda adatdan daşary ýagdaý ýüze çykaýsa, agentlik kosmonawtlary halas edip bilmez.
«Artemis» maksatnamasynyň çäginde amerikalylaryň Aýyň ýüzüne ilkinji gonuşy 2028-nji ýyl üçin meýilleşdirilýär. Muňa garamazdan, häzirki meýilnamada Aýda ätiýaçlyk gonuş modulynyň, gyssagly buky ýeriniň ýa-da başga bir göçüriliş ulagynyň bolmagy göz öňünde tutulmandyr.
Ekipažy Aýyň Günorta polýusy sebitinde gondurmak meýilleşdirilýär. Çylşyrymly relýef – çukurlaryň, harsaň daşlaryň we dik eňňitleriň köplügi sebäpli, bu ýerde adatdan daşary gonuş töwekgelçiligi «Apollo» missiýalarynyň gonan ýerlerine garanda ep-esli ýokarydyr. Şol sebäpli-de, barlagçylar eger modul agdarylsa ýa-da hatardan çyksa, kosmonawtlaryň orbita gaýdyp bilmejekdiklerini duýdurýarlar.
«Eger kosmonawtlar kosmosda ýa-da Aýyň ýüzünde ömürlerine howp salýan ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolsalar, NASA-da ekipažy halas etmek mümkinçiligi bolmaz» diýlip, Baş barlag müdirliginiň hasabatynda aýratyn bellenilýär.
Häzirki wagtda Aýa gonuş modullaryny ýasamak baradaky şertnamalar SpaceX we Blue Origin kompaniýalary bilen baglaşyldy. Şunda NASA başda işläp düzüjilerden adatdan daşary ýagdaýlar üçin ätiýaçlyk enjamyny döretmegi talap etmändi. Müdirlik şeýle hem 2011-nji ýylda «Space Shuttle» maksatnamasy ýapylandan soň, NASA-nyň kosmos missiýalary üçin doly bahaly halas ediş ulgamlaryny döretmändigini-de ýatlatdy.
Mümkin bolan çözgütler we NASA-nyň garşylykly çäresi
Kanadaly kosmos seljerijisi Braýan Herli özüçe meseläniň çözgüdini hödürledi. Oňa laýyklykda, ilkinji dolandyrylýan ekipaž eltilmezden öň, Aýa ýaşaýyş üpjünçilik ulgamlary, suw, kislorod we iýmit gorlary bolan ätiýaçlyk gonuş modulyny ibermeli diýip, Forbes neşiri ýazýar. Taslamanyň bahasy 3-5 milliard dollar töweregi diýlip çaklanylýar. Bu çykdajy «Artemis» maksatnamasynyň 100 milliard dollardan geçen umumy býujetiniň ýanynda üýtgeşik bir zat däldir.
Şunlukda seljeriji hünärmenler göçüriliş mümkinçiligi bolmadyk bir pajyganyň diňe bir adamlaryň ömrüne däl, eýsem tutuş «Artemis» maksatnamasyna hem nokat goýup biljekdigi barada aladalanýarlar.
Hasabata jogap hökmünde NASA-nyň ýolbaşçy düzümi barlagçylara töwekgelçilikli ýagdaýyň derňewine täzeden seretmäge we ony kosmonawtlaryň Aýda uzak möhletli howpsuz galmak strategiýalary bilen çalyşmaga taýýardyklaryny bildirdi.