Telegram-da surat we wideo karuselleri peýda boldy

Düýn, 14:301,027

"Telegram" platformasyny esaslandyryjy Pawel Durow täze funksiýany — karuselleri hödürledi.

Indi platformanyň ulanyjylary habar iberenlerinde ýa-da post çap edenlerinde birnäçe suraty ýa-da wideo ýazgyny ýeke-täk öwrülýän galereýa birikdirip bilerler.

"Bu habar alyşmak üçin kiçi ädim, emma pişijekleriň suratyny prezentasiýa öwürmek ýolunda uly ädimdir" — diýip, Pawel Durow täzelenmä düşündiriş berdi.

Ýerleşdirilen görkezme wideo ýazgysynda iş ýörelgesi görkezilýär: galereýadan birnäçe faýl saýlananyndan soň, «Karusel hökmünde görkez» diýen warianty işjeňleşdirmek ýeterlikdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.